Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Magtymguly Pyragy

  • 20.08.2022

  • Şahyr bolup, alym bolup, halk bolup,
    Pikir-paýhas ummanyňa gark bolup,
    Girjek bolýas seniň syrly dünýäňe.
    Tirjek bolýas şygryýetiň bagyndan,
    Sala salyp aý-ýyllara, heňňama.


    Türkmeniň takdyry, keşbi ýerleşen,
    Taňrynyň hak nury, yşky ýerleşen,
    Döwürleriň duwlap bilmedik maňzy,
    Jebirleriň dalap bilmedik meňzi —
    Şygyrlarňy — keramatyň-keremňi.
    Dörüp asyrlary, sowrup heňňamy,
    Açjak bolýas müň manyly syryňny,
    Açjak bolýas açyp giden dünýäňi.


    Dagyň depesinde ýadygärligiň,
    Kalplaň nepesinde ýadygärligiň,
    Adyň şygyr dünýäsiniň sütüni.
    Depesine çykyp goja barlygyň,
    Tug edip ylahy aňyýetiňi,
    Beýikligňe çenli göterjek bolýas.
    Pygamber paýhasly ömrüň öňünde
    Nesillik borjumyz bitirjek bolýas.
    Sen bolsa ylhamyň ganaty bilen,
    Ylahy ykbalyň manysy bilen,
    Arşyň depesine ýeten ekeniň!


    Ýagşyzada bolup halklara barsyn,
    Ýagşyzada bolup kalplara barsyn,
    Milletiniň mährem, halal ýolunyň,
    Aslynyň, kalbynyň Kuýaş — nurdugyn
    Hem duýsunlar diýip türkmen iliniň
    Arşy-ylham şahyrynyň bardygyn,
    Şygyrlarňy ýaýdyk älem-jahana.


    Mertligi mertebe, paýhasy perman,
    Halallygy Hakdan, kasamy peýman,
    Ýagşylara mährap, owazy şirwan
    Milleti bireýýäm älem-jahana
    Tanadan ekeniň: «Men türkmen» diýip,
    «Şygryýet kalplaryň şygary» diýip,
    «Adym Magtymguly Pyragy» diýip...

    Agamyrat SOLTANOW.

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir