Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türkmeniň uçar ganaty 

  • 20.05.2022
  • Sahawatly türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy bedewleriniň ýetişdirilýän mekanydyr. Olaryň şöhraty Ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda aňyrdan batly çapyp gelýärkä, pessaýlap uçup gelýän garlawajy ýadyňa salýan bedewleri ýetişdirmek maksady bilen, olaryň taýçanaklaryny saýlap alyp hem-de tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň täjine öwrülen atlaryň aýratyn täsin tohumyny döretdiler.
    Türk­men­ler ga­dy­my dö­wür­ler­den baş­lap, be­dew­le­re tä­lim ber­me­giň ne­ti­je­li til­sim­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­lap­dyr­lar. Ola­ryň hi­li di­ňe bir at ça­py­şyk­la­ryn­da däl-de, eý­sem, agyr sö­weş­ler­de hem, ha­çan-da, ata-ba­ba­la­ry­myz ata Wa­tan ug­run­da sö­weş meý­dan­la­ry­na çy­kan­la­ryn­da hem sy­nag­dan ge­çip­dir. Ahal­te­ke be­de­wi eder­men türk­men ýi­git­le­ri­niň we­pa­ly hem­ra­sy bo­lup­dyr. Bu ba­ra­da di­ňe bir köp­san­ly ro­wa­ýat­lar we he­ka­ýat­lar däl-de, hä­zir­ki gün­le­re çen­li sak­la­nyp ga­lan da­şa­ry ýurt­ly aw­tor­la­ryň ta­ry­hy ýaz­gy­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Olar türk­me­niň be­hiş­di be­dew­le­ri­niň haý­ran gal­dy­ry­jy we­pa­dar­ly­gy ba­ra­da ýaz­gy­la­ry­ny gal­dy­ryp­dyr­lar.
    At ça­py­şyk­la­ry türk­men toý­la­ry­nyň we baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň be­ze­gi­dir, ola­ryň ne­ti­je­sin­de ahal­te­ke be­dew­le­ri he­mi­şe aja­ýyp tür­gen­leş­di­ri­len be­den taý­ýar­ly­gyn­da bo­lup, uzak ara­lyk­la­ra ýö­riş­le­re hem çy­dam­ly bo­lup­dyr­lar. Bi­ziň gün­le­ri­miz­de spor­tuň iň gy­zyk­ly we özü­ne çe­ki­ji mil­li gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan at ça­py­şyk­la­ry ägirt uly meş­hur­ly­ga eýe­dir.
    Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy aýaw­ly sak­la­mak hem-de dün­ýä ýaý­mak ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň seç­gi­çi­lik iş­le­ri­ni ös­dür­mek, bu tä­sin to­hu­my has-da kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­ler hem onuň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­di.
    Hä­zir­ki wagt­da ahal­te­ke be­de­wi dün­ýä­de meş­hur to­hum­la­ryň bi­ri­ bolup, ýur­du­my­zyň seç­gi­çi­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň esa­syn­da aras­sa gan­ly­ly­gy­nyň sak­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li özü­niň asyl keş­bi­ni sak­lap gel­di.

    Guwanç AKMÄMMEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir