Häzirki döwürde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, halkymyzyň asuda, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Bize 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylda möhüm taryhy wakalar, şanly seneler garaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde belläp geçeris. Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyny uludan toýlarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän milli we umumadamzat ähmiýetli taglymatlara öwrüldi. Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esasyny düzdi. Nesip bolsa, bu ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçeris. Ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň bu gün arzuw eden zamany geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem belläp geçdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan halkymyzyň gymmatly medeni mirasyny wagyz etmek, nusgawy edebiýatymyzyň meşhur şahsyýetleriniň eserlerini halkara derejede ýaýmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu babatda beýik akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragy aýratyn orun eýeleýär. Onuň döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Sebäbi beýik şahyryň şygyrlarynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Beýik söz ussady synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr. Magtymguly atamyz türkmeniň medeniýetini, sungatyny, durmuşyny, taryhyny, halkyny beýgelden beýik söz ussadydyr. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr. Berkarar türkmen döwletini arzuwlan akyldar şahyrymyzyň: «Gurdugym aslynda bilgil, bu Zeminiň myhydyr! // Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýen setirleri hut Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik tutumlaryna degişlidir. Biz munuň şeýledigini berkarar döwletimizde, dünýäni haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşlerinde, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynda görýäris. Halkyny beýgelden beýik söz ussadyny — dana akyldar Magtymgulyny dünýä derejesinde hormat-sylaga eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mukam SEÝİTNEPESOW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby