Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Beýik akyldaryň sarpasy

  • 25.10.2024
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi has düýpli öwrenilip, bu babatda köp işler durmuşa geçirilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman prezidentimiziň alyp barýan döwletli işlerinde akyldar şahyryň pähim-parasaty möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa talyp ýaşlaryň edebi hem ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekleri watançylyk duýgularynyň ösmegine-de esas bolýar.
    Dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýelän Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde Baýmuhammet Garryýewiň, Mäti Kösäýewiň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň, Ahmet Bekmyradowyň önjeýli işleri eden beýleki alymlaryň ylmy gözlegleri örän ähmiýetlidir. Şu günki ýaş alymlaryň halypalardan nusga alyp, öz ylmy garaýyşlary bilen edebiýat ylmynyň ösmegine goşant goşýarlar.
    Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna uly ynam bilen gadam basdyk. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusyndan ylham alan ýylymyz köňüllere büýsanç berýär, joşgünly ýüreklerimizi galkyndyrýar. Magtymguly Pyragynyň ady, nakyla öwürlen şygyr setirleri üç asyryň dowamynda türkmeniň gündelik durmuşynda adamlaryň ruhy söýegi, akyl hazynasy bolup ýaşaýar. Bu ýyl türkmen halkynyň ruhy taýdan has-da gakynýan we öz beýik başlangyçlary bilen dünýä medeniýetinde, ylymynda uly wakalara beslenjek ýyllarynyň biri bolar.
    Dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşan beýik şahsyýetlere, alymlara, akyldarlara uly hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Başlan döwletli işleri dowamat dowam bolsun!
    Ahmetgeldi DURDYÝEW
    S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir

    Поделиться ссылкой на выделенный текст

    • Twitter
    • Facebook
    • Вконтакте

    Прямая ссылка:

    Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»