Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna giňden halkara derejesinde bellenilýän şu ajaýyp döwürde akyldar şahyryň ömri we döredijiligi bilen bagly döredilen çeper eserler okyjylara ýetirilýar, ýazylan ylmy makalalar yzygiderli çap edilýär. Akyldar şahyryň dünýäniň köp diline terjime edilen goşgularyny okaýan dürli halklaryň wekillerinden bolan okyjylaryň sany barha artýar. Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň dürli ýyllarda çykan neşirleri, şahyr barada döredilen eserler we ýazylan ylmy makalalar, neşir edilen işler, akyldar şahyryň döredijiliginiň beýleki hünärler, ugurlar bilen baglanyşygy babatda edilen işler ýaly ugurlarda görkezilen edebiýatlar türkmen halkynyň we daşary ýurtly alymlaryň, edebiýatçylaryň, magtymgulyşynaslaryň türkmeniň milli şahyryna goýýan hormat-sarpasynyň çäksiz uludygyny görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitaby Magtymguly Pyragy hakdadyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýleki atalyk kitaplarynda-da akyldar şahyryň döredijiligine giňden ýüzlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynda akyldaryň sygyrlaryna, döredijilik älemine uly baha berýär we uly hormat bilen ýüzlenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda aýratyn Magtymgyly atamyzyň sygyrlary we onuň terbiýeçilik ähmiýeti barada berilýändigini büýsanç bilen bellemek gerek. Magtymguly «Şirgazy» medresesinde bilimini artdyryp, Gündogaryň akyldarlarynyň işlerini düýpli öwrenipdir. Şahyryň «San bolsam» goşgusynda taryhy şahslaryň ençemesiniň atlary, olaryň eserleri agzalýar. Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany, Firdöwsi, Nyzamy, Hapyz perwany, Jelaleddin Rumy, Jamy elwany, Olarnyň ýanynda menem san bolsam – diýmek bilen, şahyr bu akyldarlary özüniň ruhy halypasy hasaplapdyr. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, XIX asyrda Kemine, Talyby, Şabende, Mollanepes we başga-da ençeme şahyrlaryň duşuşygynda nähili temadan ýazmaly diýen mesele orta atylypdyr. «Magtymgulynyň aýtmadyk zady galmandyr, indi biz nämeden ýazarkak?» diýlip, oturan şahyrlaryň biri tarapyndan berlen sowala Kemine şeýle jogap beripdir: – Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, indi bize diňe onuň hoşasyny çöplemek galandyr. Şu şygyr setirlerinden we aýdylan pikirlerden görnüşi ýaly, Pyragynyň ömri we döredijiliginde halypa-şägirtlik möhüm orny eýeleýär. Ol özünden soňky şahyrlara ruhy halypa bolupdyr. Şeýle mysallar ýaşlara milli ýörelgelerimiz hakda düşünje berenimizde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.
Hajy HOJAMGULYÝEW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby