Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Behişdi ahalteke bedewi

  • 17.10.2024
  • Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak işleri durmuşa geçirdi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan, atşynaslygyň halkara merkezine öwrüldi, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz, daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
    Türkmeniň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen üznüksiz baglydyr. Bu täsin tohumyň ösüşiniň özi halkymyzyň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär, çünki ähli güýjüňi, zehiniňi, kalbyňy asylly işe bagyş edip, tebigat bilen sazlaşykda ajaýyp eseri döretmek mümkindir.
    Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de wepaly dosty, şöhratly taryhymyzyň bezegi boldular. Munuň şeýledigine “Aty baryň ganaty bar”, “Ýyndam atyň bahasy bolmaz” ýaly nakyllary şaýatlyk edýär.
    Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylyk pudagyň düzümini ösdürmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ölçeglerine kybap gelýän aýlawlar gurlup, olar at çapyşyklaryny geçirmek üçin diňe meýdan bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sportuň milli görnüşini dünýä ýaýýan we köpçülikleýin ösdürýän merkezler hem bolup durýar.
    Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä jar etmekde, geçmiş taryhyny öwrenmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplarda ahalteke bedewleriniň gelip çykyşy, atlaryň beýleki tohumlaryndan düýpgöter tapawut edýändigi anyk mysallardyr delilleriň üsti bilen beýan edilýär.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

    Käkilik GELDİMYRADOWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir