Magtymguly Pyragy halklaryň arasyndaky synmaz köpri
16.10.2024
Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy we onda akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir. Bu kitap şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik-namartlyk, watançylyk pikirleri beýan edýän şygyrlaryny öz içine alýar. Magtymguly Pyragy halklaryň arasyndaky synmaz köpri bolup durýar. Dana Pyragynyň «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Äleme belgilidir» atly goşgulary bilen başlanýan täze kitap bizi geçmişimize, şu günümize, geljegimize sary alyp gidýär. Akyldar Magtymguly taryh, edebiýat boýunça beýik mugallym hökmünde öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meseleleri barada sapak berýär. Akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat goýmak, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, milli döwletlilik ýaly pelsepewi garaýyşlary, türkmen tebigatyny beýan edýän umman ýaly giň, gözgi ýaly dury, dür ýaly gymmatly, merjen düzümi deý çeper şygyrlary seni çuňňur oýlandyrýar. Dana Pyragy Gündogaryň iň meşhur akyldarlarynyň biridir we türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Akyldaryň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly üýtgewsiz umumadamzat gymmatlyklary beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik we filosofik mirasy türkmen halkynyň milli gymmatlydyr, şol bir wagtyň özünde-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Akyldaryň şygyrlary dünýä edebiýatynda mynasyp orun aldy. Dana Pyragy «Unudar ol ýoluny» atly şygrynda: «Magtymguly, adyň seniň külli äleme dolup» diýip, özüniň şöhrat-şanynyň şeýle belent derejelere ýetjekdigini welilik bilen aýdypdyr. «Magtymguly» atly täze kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda beýik söz ussadynyň baý edebi mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragy «Ussadym» atly goşgusynda şeýle diýýär:
Magtymguly diýer Subhanym Oldur, Daýanjym Biribar, Soltanym Oldur, Howasan ― Yspyhan on günlük ýoldur, Rugsat bergil, güle-güle, ussadym.
Bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi ― bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr. Dana Pyragy kyblasy Döwletmämmet Azada örän uly hormat goýýar. Akyldar: «Doga eýläp geçer men, ol Azady ussadyma» diýýär. Akyldar Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylyk temasydyr. Şahyryň dogduk mekanynda berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary halky agzybirlige çagyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Gürgeniň» ýaly goşgular hem bar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Munuň özi akyldaryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» atly şygyrlarynda aýdyň görmek bolýar. Aýlar REJEPOWA Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby