Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň diňe bir maddy taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan baý durmuşda ýaşamagyna-da uly üns berilýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, kalbyny gözelleşdirýän gymmatlyklar bolsa, ilkinji nobatda, edebi, medeni miraslarymyz bolup durýar. Türkmen halkynyň dünýä beren beýik şahsyýetleri parasatly sözleri bilen ýüreklere mähir nuruny çaýypdyrlar, halka dogry ýoly salgy berip, beýik işlere ruhlandyrypdyrlar. XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli söz ussatlary Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Abdylla Şabende we beýlekiler öz döreden eserleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerdir. Magtymguly ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şyrgyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmene mahsus adamkärçilik häsiýetlerini giňden açyp, ynsan keşbini özboluşly janlandyrýar. Adamda ahlak arassalygyny terbiýelemegi özüniň esasy maksady, borjy hasaplaýan akyldar şeýle ýazýar: Belet başlar dogry ýoly çen bile, Akyl adam söz başlamaz «men» bile. Şahyr türkmene asylly terbiýäniň mahsusdygyny aýtmak bilen, ýaş nesillerimiziň öz pederleri ýaly mert, ar-namysly, süýji sözli, sahawatly, watansöýüji, myhmanparaz bolmaklaryny isläpdir. Şahyr erbetlikleriň sebäbini adamyň içinden gözläp, ony nebis bilen baglaýar hem-de mert kişiniň öz nebsine buýrup bilýän adamdygyny belleýär. Akyldar şahyr nebsi göwne boýun edip, bikemallykdan azat bolmagyň ýoluny salgy berýär. Şeýle şygyrlar kämilligiň her bir ynsanyň öz-özüne bolan gatnaşykdan başlanýandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, nähili ahlak ýörelgeleri bilen ýaşamalydygyny hem salgy berýär. Magtymgulynyň tarypyny ýetirýän mert ýigidi ýurduny, halkyny, Watanyny söýýän, il-gün bilen bagry badaşan ýigitlerdir. Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okalýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesiýet edilýär. “Edebiň ýagşysy ulyny syla” diýmek bilen, edeplilik, sylag hormat wagyz edilýär. Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhy gahrymany orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.
Gandym ÇETIÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy