Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar

  • 10.09.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz hem-de sungatymyz ýylba-ýyldan ösüşlere beslenip, şan-şöhraty dünýä ýaýylýar «Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň has-da ösmegi, täze eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimizde ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna hem sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar» diýip nygtaýar. Eziz Diýarymyzyň oba-şäherlerinden täze zehinleri ýüze çykarmak, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýörelgesini ösdürmek babatda, ýaşlaryň öz zehinlerini açyp görkezmekleri, saýlap alan ugurlary boýunça kämillik basgançaklaryna çykmaklary üçin ajaýyp döwrümizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen aýdyp bolar. Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren eşretli zamanasy beýleki ugurlar bilen birlikde, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň hem dünýä çykýan eýýamy bolup dabaralanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklarynybarha ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy öz-özünden düşnüklidir.


    Aýtäç ORAZOWA

    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir