Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir başlangyçlarynda halkymyzyň ruhy isleg-arzuwlaryndan ugur alýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, bu günki ajaýyp döwrümizde akyldara goýulýan sarpa döwlet derejesine çykýar. Abraý-şöhraty halkara derejesinde belentlere galýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi köptaraply we köpgyraňlydyr. Islendik günärde, islendik ýaşda bolan ynsan bu dananyň şygyrlaryndan, bentlerinden, setirlerinden özi üçin zerur akyl-paýhas goruna eýe bolup bilýär. Şahyryň «Daň atmasdan burun», «Çilimkeş», «Çilim», «Nas atan» ýaly şygyrlary adamlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýaramaz endiklerden daş durmagy ündeýändigi bilen häzirki döwrümizde hem wajyp ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy we Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň aňynda ýagşy terbiýäniň, ýagşy göreldäniň her bir çygryny ornaşdyrmakda ata-baba dowam bolup gelýän edep kadalarynyň uly orny bar. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň sport hereketlerine, sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukmaklary üçin olar bilen geçirilýän wagyz-nesihat pursatlarynda, bedenterbiýe we sport sapaklarynda dana Pyragynyň setirlerine salgylanmak oňyn netijeleri berýär.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda dana akyldaryň ady ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köçelerdir şaýollara, kitaphanalardyr muzeýlere, orta mekdeplere we ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebine dakyldy. Şeýle-de, şahyryň dürli ýyllarda, dürli heýkeltaraşlar tarapyndan döredilen heýkelleri islendik welaýata, islendik etrapa barsaň duşýar. Paýtagtymyzyň günorta dag etek künjekleriniň birinde şahyryň uly görnüşde gözel keşpde ýerine ýetirilen täze heýkeli hem dabaraly açylmagynyň öňüsyrasynda. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň şygyr baýramçylygy her ýylda ýurdumyzyň Medeniýet işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenilýär. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý ýaşy ýurdumyzda halkara derejesinde bellenilip geçiler. Şol ýyl TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Türki dilli döwletlerde Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edildi.
Akyldara goýulýan bu belent sarpa ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik, halallyk, adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Biz halkymyzy eşretli günlerde ýaşadýan, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Meýlis SÄHEDOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy