Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Py­ra­gy türk­men edebiýatynyň buýsanjydyr

  • 25.05.2023
  • Py­ra­gy türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň buý­san­jy­dyr. Çuň­ňur psi­ho­lo­gik, fi­lo­so­fik pi­kir­le­ri, dur­muşa düýp­li dü­şün­mek uky­by, döw­rüň çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ry­nyň çöz­gü­di­ni göz­le­me­gi, he­mi­şe ýag­şy­ly­gyň, ada­la­tyň ar­ka­syn­da dur­ma­gy bilen oky­jy­la­ryň aňyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şah­sy­ýe­ti, ede­bi dö­re­di­ji­li­gi nus­ga­wy hä­si­ýe­ti bi­len orun al­dy. Onuň şy­gyr­la­ry­nyň öwü­di­ne eýer­mez­lik, be­ýik­li­gi­ni yk­rar et­mez­lik müm­kin däl. Her se­tir, her pi­kir öz ma­ny ýü­kü­niň ýe­tikli­gi, çe­per-de­ňeş­dir­me se­riş­de­le­ri­niň kä­mil­li­gi, dur­mu­şy­ly­gy bi­len ýü­re­gi­ňe siň­ýär. Py­ra­gy­nyň eser­le­rin­de öň­den­gö­rü­ji­lik­li be­ýan edi­len şol ýa beý­le­ki meň­zeş ýag­daý­lar ýü­ze çy­kan­da, halk ara­syn­da «Mag­tym­gu­ly hem bu ba­ra­da şeý­le di­ýip­dir-ä» ýa­ly sal­gy­lan­ma­lar de­lil ge­ti­ril­ýär. Ma­ny, çe­per­çi­lik hem gur­luş taý­dan nus­ga­lyk gör­nüş ha­sap­lan­ýan eser­ler di­ňe şa­hy­ryň dö­redi­ji­li­gi­ni däl, onuň ýa­şan döw­rü­ni, jem­gy­ýe­ti­ni, ede­bi­ýa­ty­ny gö­zel­leş­dir­ýär. Magtymguly Py­ra­gy­nyň yl­ha­my türk­men te­bi­ga­tyn­dan, ge­lin-gyz­la­ryň eda­ly­ly­gyn­dan joş alyp, dur­muş wa­ka­la­ry­na, öz-özü­ňe, tu­tuş bar­ly­ga akyl ýe­tir­mek pi­kir­le­ri, yl­my ga­ra­ýyşla­ry bi­len çuň­laş­dy­ry­lyp­dyr. Onuň dö­re­di­ji­li­gi dür­li hä­si­ýet­le­riň, adam keşp­le­ri­niň sim­wo­li­ki top­lu­my­ny, çuň ma­ny­ly­ly­gyň sa­da dil­dä­ki beýa­ny­ny hem-de hal­ky­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni özü­ne de­giş­li aý­ra­tyn­ly­ga öwür­ýär. Şu jä­hetden, Magtymguly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­ni dur­muş en­sik­lo­pe­di­ýa­sy ha­sap­la­mak bo­lar. Köp­çü­li­giň bu gym­mat­ly dö­re­di­ji­li­gi öw­ren­mä­ge bo­lan is­le­gi­niň do­wam­ly­ly­gy hem-de şa­hy­ryň pi­kirle­ri­niň öň­den­gö­rü­ji­li­gi asyr­la­ryň aşan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, onuň şy­gyr­la­ry­na za­ma­na­baply­gy ba­gyş­la­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eserle­ri­niň sa­da be­ýa­ny­nyň aňyr­syn­da sak­lan­ýan um­ma­syz pi­ki­ri, syr­ly­ly­gy aý­dyň­laş­dyr­ma­gyň lez­ze­ti oky­jy­la­ry iriz­me­ýär. Şeý­le hem ol hemme­ta­rap­la­ýyn so­wa­dy ta­lap ed­ýän göz­leg­den yba­rat­dyr. Onuň şy­gyr­la­ry­nyň umu­ma­dam­zat me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni göz­le­mek, olar­dan düýp­li ne­ti­je çy­kar­mak, jem­gy­ýe­te ada­la­ty hem-de ah­lak­ly­ly­gy do­ly de­re­je­de or­naş­dyrmak, päk wyž­dan­ly­ly­gy, bi­rek-bi­re­ge ýag­şy­lyk et­me­gi yzy­gi­der­li ün­de­mek ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry oky­jy­la­ryň hem şa­hy­ryň ara­syn­da ke­ma­la gelen ru­hy gat­na­şyk­la­ry je­bis­leş­dir­ýär. Dur­muş we dö­re­di­ji­lik mek­de­bi­niň us­sa­dy Magtymguly Py­ra­gy bu gün türk­men hal­ky bi­len bir­lik­de dün­ýä halk­la­ry ta­ra­pyn­dan ar­zy­lanýar. Ýer ýü­zü­niň ru­hy gym­mat­ly­ga dü­şün­ýän, şah­sy­ýe­ti­ni mad­dy däl ta­rap­dan baý­laş­dyr­ýan yn­san­la­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň oky­jy­la­ry­na, dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­re­ni­ji­le­re, ol hak­da­ky eser­le­riň ýa­zar­la­ry­na öw­rül­ýär­ler.

    Muhat ARTYKOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir

    Поделиться ссылкой на выделенный текст

    • Twitter
    • Facebook
    • Вконтакте

    Прямая ссылка:

    Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»