Milli şaý-seplerimiz ussat zergärlerimiz tarapyndan sünnälenip döredilen sungat eseridir. Olar ajaýyp nagyşlaryny tebigatyň inçe gözelliklerinden alyp gaýdýarlar. Gadymy döwürlerde şaý-sepleri diňe pöwrize, nefrit, oniks, hakyk ýaly mineral daşlar bilen bezän bolsalar, soňabaka olarda aýna daşlaryny hem ulanyp başlapdyrlar. Uly yhlas siňdirilip, nepis bezelen milli şaý-seplerimiz özboluşlylygy hem-de deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanyp, başga hiç bir halkda duş gelmeýär. Türkmen ýigitleri öz zenanlaryny altyndyr kümüşden ýasalan gymmat bahaly şaý-sepler bilen bezemegi özlerine mertebe saýypdyrlar. Dünýä gymmatlyklarynyň altyn hazynasynda mynasyp orun alan şaý-sepleriň gelin-gyzlara bagyşlanmagy, ozaly bilen, türkmeniň zenan maşgala goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Her bir türkmen ýigidi üçin öz mähriban zenanynyň şaý-sepiniň şyňňyrdysyndan ýakymly owaz ýok bolsa gerek. Milli şaý-seplerimiziň döreýşi öz gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Alymlar olaryň ilkibaşdaky döreýşini irki döwrüň harby serenjamlary bilen baglanyşdyrypdyrlar. Meselem, gyz gupbasy gadymy döwrüň söweşiji zenanlarynyň tuwalgasyndan gelip çykan bolsa, gülýaka, egme, bilezikdir dona dakylýan apbasylaryň peýkamlardan, oklardan we duşman gylyjyndan goranmak üçin dakynylandygy bellenilipdir. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Humaý DURDYÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby