Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy

  • 27.03.2023
  • Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Ýewropa neşirlerine aralaşmagyna ilkinji bolup badalga beren polýak alymy Aleksandr Leonardowiç Hodzko Boreýko hasap edilýär. 1804 — 1891-nji ýyllarda ýaşap geçen bu meşhur magtymgulyşynas alym Horasan, Hazar etraplarynda 1830 — 1837-nji ýyllarda rus diplomatiýasynda işlän döwründe Magtymguly Pyragy, türkmen medeniýeti, halklaryň durmuş etnografiýasy, Gündogar edebiýaty barada köpsanly taryhy gymmatlyklary toplaýar we olar 1842-nji ýylda Londonda iňlis dilinde «Meşhur şygryýetden parçalar» ady bilen kitap görnüşinde neşir edilýär. Professor Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko bu kitabynda Magtymguly Pyragynyň 3 sany şygrynyň terjimesini, terjimehalyny, ykbaly baradaky halk kyssalary ýerleşdirmek bilen, ilkinji bolup Ýewropa okyjylaryny türkmen şahyry bilen tanyşdyrýar. Mongol, arap, türk, pars, tatar dili we edebiýaty boýunça rus milli mekdebiniň düýbüni tutujy, Peterburg we Kazan uniwersitetleriniň professory Ilýa Nikolaýewiç Bereziniň (1818 — 1896 ý.) «Türki halklaryň hrestomatiýasy» atly uly kitaby 1850 — 1890-njy ýyllar aralygynda Kazan şäherinde tapgyrlaýyn neşir edilýär. Bu kitabyň 2 tomy 1862-nji ýylda çap edilýär we onda Magtymguly Pyragynyň 1 şygry, şahyryň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlar arap ýazuwynda, türkmen dilinde ilkinji gezek rus okyjylaryna mälim edilýär. Alymyň bu kitaby Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim maksatnamalaryna girizilip, ylmyň gymmatly gollanmasy hökmünde köp ýyllaryň dowamynda peýdalanylypdyr.
    Wengriýa Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Budapeşt uniwersitetiniň professory Armeniý Wamberi (1832 — 1913 ý.) 1847 — 1863-nji ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynda döredijilik syýahatynda bolýar. Onuň şol syýahatlary netijesinde toplanylan edebi gym-matlyklar 1865-nji ýylda Germaniýada rus we nemes dillerinde «Orta Aziýa syýahat» ady bilen neşir edilýär. Meşhur gündogarşynasyň bu kitabynda Magtymguly Pyragy hakyndaky halk tymsallaryna, taryhy-çeper hakykatlara uly ähmiýet berilmegi şatlygyňy goşalandyrýar. Görnükli alym tarapyndan 1871-nji ýylda Wengriýanyň belli žurnallarynda hem Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň 30-sy terjime edilip çykarylýar. 1879-njy ýylda Armeniý Wamberi Leýpsig şäherinde «Nemes Gündogary öwreniş jemgyýeti» tarapyndan neşir edilýän ylmy žurnalyň 33-nji jildinde türkmen dilinde, arap ýazuwynda we nemes dilinde «Türkmenleriň dili we Magtymgulynyň diwany» ady bilen şahyryň 30 goşgusyny we 10 şygryndan bölekleri çap edip ýaýradýar. 1868 — 1871-nji ýyllar aralygynda Astrabat, Horasan sebitlerinde rus döwletiniň ilçisi bolup işlän Fýodor Abramowiç Bakulin (1846 — 1879 ý.) 1872-nji ýylda Tbilisi şäherinde «Rus geografiýa jemgyýetiniň kawkaz bölüminiň habarlary» atly ylmy žurnalyň 3-nji sanynda akyldaryň iki şygryny we terjimehalyny okyjylara ýetirýär. Russiýanyň Astrabat deňiz menziliniň terjimeçisi Rafail Ýeznaýew bolsa Magtymguly Pyragynyň söz güllerinden çemen baglap, 1874-nji ýylda şahyryň 87 goşgusy bilen rus okyjylaryny tanyşdyrýar. Ýyllaryň hatar gurap geçmegi bilen, bu günki gün şahyryň eserleri dünýä dilleriniň onlarçasynda joşgunly ýaňlanýar, halklaryň kalbyna melhem, hyjuw, şypa beriji, söýgi, dostluk duýgularyny dörediji mukaddes binýat hökmünde orun alýar. Milli ahlagyň aýdymçysy, şygryýetiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň öwrenilmegi, wagyz edilmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

    Bäşimhan NAZAROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir