Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ajaýyp özgertmeler täze tapgyrlara çykýar. Muňa sanly ulgam tehnologiýalarynyň üstünlikli ornaşdyrylýanlygy hem aýdyň mysaldyr. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin amatly şertdir. Arkadagly Serdarymyzyň milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak babatda berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça möhüm ugur görkeziji usuldyr. Bu işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda alnyp barylýar. Bu Kararyň kabul edilmeginden öň, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, sanly ulgama esaslanýan hökümet aragatnaşyk ulgamy döredildi. Wideoaragatnaşyk, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. Her bir işde bolşy ýaly, ýurdumyzda sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak işinde hem ugurdaş kanunçylyk namalary kabul edildi. Olaryň käbirlerine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Muňa «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu Kanunlar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak, soňra onuň ulanylyşy bilen bagly howpsuzlyk, kadalylyk, usuly we beýleki taraplaryny düzgünleşdirýär. Häzirki wagtda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, pudaklaryň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işde ajaýyp zamanamyzda ösüp ýetişýän ýaş hünärmenlere aýratyn möhüm orun degişli edilýär. 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginde çuňňur many-mazmun bardyr. Çünki şu günki türkmen ýaşlary, özleri barada döwletimiz tarapyndan edilýän asylly aladalara jogap edip, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmek bilen, milli ykdysadyýetiň öňe ilerlemegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Biz ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edýäris.
Şasenem BAGTYÝAROWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby