Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem eziz Watanymyzyň baş şäheri gözel Aşgabadyň batly depginler bilen ösüşi ähli halkymyzy guwandyrýar. Rysgal-berekede beslenip gelen mylaýym howaly ýaz paslynyň tebigy gözellikleri merjen şäherimiziň kämil binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Baharyň gelmegi bilen paýtagtymyzyň al-ýaşyl dona bürenýän sapaly seýilgähleri has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Aşgabada «seýilgähler şäheri» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Şäheriň çäginde ýetmişden gowrak seýilgäh raýatlarymyzyň hyzmatynda. Şeýle hem, ýylsaýyn täze seýilgäh zolaklarynyň döredilýändigini hem aýratyn bellemek gerek. Şolaryň biri hem gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilýän, gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumydyr. Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu ýere iş saparyny amala aşyryp, toplumyň çäginde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Medeni-seýilgäh toplumy Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzat üçin nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr» diýip bellemegi, alnyp barylýan işlerde hut şu ýörelgelerden ugur almagyň zerurdygyna ünsi çekmegi, halkymyzyň akyldar şahyra goýýan belent hormat-sarpasynyň aýdyň görkezijisidir. Arassa dag howasy bilen gurşalan bu ajaýyp künjek paý tagtymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işler ähli halkymyzy buýsandyrýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek barada Karara gol çekdi. Şeýlelikde, öňümizdäki şenbe güni welaýatlarymyzda we mähriban paýtagtymyzda halkymyz agzybirlikde we ruhubelentlikde täze bag nahallaryny oturdyp, ýurdumyzy gür baglyga büremek ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar. Goý, gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, milli mirasymyzyň ak şäherimiziň keşbinde aýdyň şöhlelenmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Täzegül SAPAROWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy