Türkmen halkynyň ýaş nesillere kitap okamagy ündemeginde uly many bar. Kitap okamak ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyrýar, gözýetimini, dünýägaraýsyny giňeldýär, onuň akyl we bilim taýdan kämilleşmegine kömek edýär. Kitap ynsanyň ýakyn hemdemi, syrdaşy, dosty we yoldaşydyr. Perzent terbiyesinde ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinde tekrarlaýan nesihatlarynyň biri-de kitaby köp okamakdyr. Kitaby köp okamak ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny salgy berýär. Halkymyzda bilimiň-ylmyň gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr. Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly bolmagynda kitabyň, kitaphanalaryň orny örän uludyr. Ýurdumyzda kitaba uly sarpa goýulmagy we kitaphanalara uly ynam bildirilmegi kitaphana işgärleriniň öňünde kitaphanalaryň işiniň hilini gowulandyrmak, kitaphanalara täze okyjylary çekmek, olarda kitaba bolan söýgüni döretmek, kitaba hormaty has-da çuňlaşdyrmak, bitewi elektron kitaphana ulgamy boýunça elektron gazna döretmek we okyjylara hyzmat etmek, ony doly derejede ýola goýmak, elektron kitaplary babatda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini has-da kämilleşdirmek, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna seslenip, dürli mazmunly medeni-köpçülik çärelerini, duşuşyklary, kitap sergilerini, täze gelýän kitaplaryň dabaraly tanyşdyryş çärelerini geçirilip durulýar. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň döwrüň ösen talabyna laýyk ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin uly tagallalar edýän, medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.
Miwe DİNMÄDOWA
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri