Türkmen zenanlary irki döwürlerden bäri lybaslary keşde bilen bezäp geýmeklige uly üns beripdir. Olar diňe bir egin-eşikleri däl, eýsem hojalykda ulanylýan dürli esbaplary hem keşdeläpdirler. Türkmen halkynyň döreden milli, medeni gymmatlyklarynyň arasynda keşdeçilige mynasyp orun degişlidir. Çünki el senedi irginsiz zähmeti, sabyrlylygy, zehini, ukyp-başarnyklylygy, döredijiligi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!” diýip, keşdeçiligiň sungat derejesine ýetirilmegine ýokary baha berýär. Keşde nagyşlary bilen bejerilen köýnek, kürte, başatgyç, don, tahýa ýaly milli egin-eşikleriň dürli görnüşleri bolup, olary hertaraply öwrenmek milli mirasymyzyň wajyp meselesidir. Ene-mamalarymyz keşde nagyşlarynyň şekilini türkmen durmuşy bilen baglanyşdyryp “tärimgözenek”, “gülmekan”, “tamdyragulak”, “labyr”, “atanak”, awçylyk hünärine esaslanyp “okgözi”, “peýkam”, “sapança”, arzuw-dileglere, ýagşy umytlara besläp “üzülmez”, “arman”, “gyzyl alaw”, “dogajyk’, tebigat gözelliginden tälim alyp “erikgül”, “gül”, “bossany”, “ýylanýoly”, “guşdyrnak”, “gazaýak”, “durnahatar”, “tolkun”, “tolkungoçak”, “aksuw” ýaly atlar bilen atlandyrypdyrlar. “Alaja” nagşy keşdelelenen lybaslaryň hemmesinde dürlüçe gaýalyp, ol eşigi geýen adamy gözden-dilden goramaklyga yrym edilipdir. Keşde nagyşlarynyň arasynda, esasan hem, gadymy “goçak” nagşy köp ulanylypdyr. “Goçak” nagşy keşde nagyşlary bilen bejerilen milli lybaslaryň ählisine diýen ýaly salnypdyr. Bu nagyş ýerine ýetiriliş aýratynlygyna baglylykda “goçanak”, “darakgoçak”, “kürtegoçak”, “dörtgoçak”, “tolkungoçak”, “pyýadagoçak”, “golçurlygoçak”, “gümmezligoçak”, “tärimgoçak”, “goçkelle”, “goçbuýnuz” ýaly dürlüçe atlandyrylypdyr. Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylmak bilen, nusga alarlyk sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň gadyr-gymmaty barha artdyrylýar.
Ýazbibi GARATAÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby