Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ynsan we Tebigat

  • 27.12.2021
  • Aňyň taryhy tebigatyň taryhy­nyň dowamydyr. Taryhy ösüşi nazara almasaň, adamzada bolşy ýaly, tebi­gata hem düşünip bilmersiň.
     Gersen.

    Ynsanyň ukyby çäksizdir, çünki ol tebigatyň güýji bilen utgaşyklydyr. Olaryň ikisiniňem gory bimöçberdir.
    Onore de Balzak.

    Ynsan gollarynyň yhlasy tebi­gatda ikinji bir tebigaty döretmäge ukyplydyr.
    Siseron.

         Tebigata ygrarly bolsaň, başga senetkärlik gerek däl ýaly duýulýar. Tebigat bize özümiz üçin zerur bolan pişe bilen meşgullanmagy öwredýär. Tebigatyň ynsana eçilen peşge­ şi azdyr öýdýäňizmi?! Ýok, ol adama tutuş özüni bagyş etdi ahyryn.  Bagtly ýaşamagyň hem­de tebi­gat bilen ylalaşykda ýaşamagyň ikisi­ de bir zat.
    Seneka.

    Sungat tebigat bilendir. Ol edil okuwçy ýaly tebigaty gaýtalaýandyr.
    Dante.

        Tebigaty gowşak sungat arkaly bimaza etmeseň, ony öz erkine goý­saň, ol has aýdyňlyk bilen açylar, hoş­ wagtlyk eçiler.
        Ynsanyň bilimi we güýji utgaşma­lydyr. Ýogsam, küteklik oňyn hereketini
    peselder. Tebigata boýun bolsaň, ol se­niň ygtyýaryňda bolar. Oňa syn etmek häki bir bahana, onuň ygtyýary boýun­ça hereket etmek bolsa, pugta kada.
         Adam özüniň hereketi bilen di­ňe tebigatyň durkunyň parçalaryny birikdirip ýada böleklere bölüp biler. Galan işi tebigat öz içinde özi bitir­ýär. Hakykaty haýsydyr bir pursadyň wagtlaýyn rowaçlyklaryndan dälde, tebigatyň baky ýörelgeleriniň giňişliginden gözleseň dogry bolar.
         Tebigatdan üstün çykdyk diýip, ony täsinlik saýýanlar öz ýeserligini däl­de, betbagtlygyny aýan edýärler.
       Bekon.

    Tebigat hemişe haýal hereket edýär, has takygy, onuň hereketi örän rejeli. Topragam şeýle, ol zor salmalara tap gelip bilmän, önüm­liligini peseldýär we soňlugy bilen bar güýjüni özüni saklamaga sarp edýär. Şeýlelikde, ol özüniň döredi­jilik ukybyny ýitirýär.
     Monteskýe.

    Kimiň ruhy tebigat bilen ylala­şykda bolsa, ol hiç wagt ýalňyz däldir.
    Ägirtleriňem ahyry gelýär, erkler synýar, tebigat welin baky.
    Baýron.

    Adamlar hemişe tebigata öýkün­ýärler, emma ähli wagtda ondan pesde bolýarlar. Ynsan özüniň içki güýjüni te­bigatyň amatly usullaryny peýdalan­mak arkaly zerurlyk üçin ulansa, ol hem­me zatdan belentde bolar.
    Odoýewskiý.
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir