Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Dünýäniň meşhur zenan Pishologlary

  • 25.12.2021
  • Mari Witon Kalkins (1863 — 1930).
     Ol amerikan Psihologlar birle­şiginiň 14­nji baştutany bolup, bu guramada işlän ilkinji zenan psihologdyr. Amerikanyň Wellisleý kollejinde Mari Kalkins ilkinji psihologik laboratori­ýasyny guraýar. Ol 1950­nji ýylda iň meşhur 50 psihologyň arasynda öz ornuny tapýar.

    Margeret Floý Waşburn (1871 — 1939). Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda doktaranturada okap, şol derejäni alan ilkinji zenan psiholog­dyr. Ol Kalkinsden soň, amerikan Psihologlar birleşiginiň ikinji zenan baş­ tutanydyr. Ol, esasan, haýwanlaryň özlerini alyp baryşlary,
    duýuşlary we kabul edişleri ýaly umumy psihologiýanyň gozgaýan meseleleri boýunça iş alyp barypdyr.

    Mari Eýnwors (1913 — 1999).
     Ol baglylyk hadysasyny öwrenen Jon Bolby bilen uzak wagtlap bilelikde işläpdir. Soňra onuň işlerini do­wam etdirip, enäniň we çaganyň arasyndaky baglanyşyk hadysasyny içgin öwrenipdir.

    Keren Horniý (1885 — 1952).
    Berlinde lukmançylyk ugrundan okan­dan soňra, lukman bolup biraz wagt işleýär. Soňra psihoanaliz bilen gyzyk­lanyp başlaýar. Ol şahsyýet baradaky esasy taglymatlary düzüjileriň hem biridir. Şeýle­de newrotiki bozulmalar barada köp gymmatly işleri ýazypdyr.

    Melani Kleýn (1882 — 1960).
    Ol çaga psihoanalizini öwrenen ilkinji psihologlaryň biridir. Psiholog, esasan, çagalaryň aňlaýyş hadysasynyň ösüşi barada köp sanly makalalary ýazypdyr. Kleýniň esaslandyran çaga­ lardaky oýun terapiýasy häzirki döwürde hem psihologiýada köp ulanylýan bejergi usullarynyň biridir.

    Anna Freýd (1895 — 1982).
    Ol meşhur psiholog Zigmund Freýdiň gyzydyr. Anna Zigmund Freýdiň 6 çagasyndan onuň kärini dowam etdiren ýeke­täk perzendidir. Bu alym hem, esasan, çaga psihoanaliziniň üstünde işläpdir. Ol çagalarda ýüze çykýan goranyş mehanizmleri barada «Men we goranyş mehanizmleri» atly kitabyny ýazýar. Anna Freýd 1945­nji ýylda öý­ süz çagalar üçin ýörite Çagalar öýüni we Psihoanaliz merkezini gurdurýar.

    Mariýa Montessori (1870 — 1952).
     Italiýanyň ilkinji zenan luk­many we pedagogydyr. Antropologiýa ugry boýunça professor Mariýa Montessori her bir çaganyň şahsy aýratynlygyna gabat gelýän pedagogiki usuly işläp düzýär. Häzirki wagtda Montessori usuly dünýäniň köp ýerle­ rindäki mekdeplerde ulanylýan iň tanymal pedagogiki usuldyr. Şeýle hem onuň dünýäniň köp künjünde açan mekdepleri Montessori usuly boýunça çagalara bilim berýär.
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir