Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Halk häkimýetiniň ygtybarly sütüni

  • 09.08.2024
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda täze bir eýýamyň, täze bir zamananyň başlanan döwrüdir. Bu döwür Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman  Serdarymyz tarapyndan täze röwüşde, täze ruhy ýokary göterilişlerde dowam etmegidir. Bu ajaýyp zamanada, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Başlyklyga bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Gahryman Arkadagymyza Türkmen halkynyň Milli Lideri diýen belent at resmileşdirildi. Bu ýakymly ýagdaý halkymyzyň ýürek buýsanjyny artdyryp, täze bir beýik eýýama gadam basylandygyny aňlatdy. Halkymyzyň we dünýä jemgyýetçiliginiň bireýýäm ykrar edişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz türkmen halkymyzyň, türkmen jemgyýetimiziň ykrar eden parasatly Milli Lideridir. Gahryman Arkadagymyz şu günki gün ýurdumyzy zamanabap galyplara laýyklykda gülledip ösdürmek, ýurtda demokratiýany, halk häkimiýetliligini berkitmek babatda ägirt uly işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda iň ýokary wekilçilikli edara hökmünde döredilendir. Onuň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan başlap, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, beýleki döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, ýaşlar girýär. Munuň özi ýurdumyzda demokratik özgertmeleri dabaralandyrmak, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde ilatyň ähli gatlaklaryna sala salmak, pikirlerini diňlemek maksady bilen amala aşyrylan özgertmelerdir. Häzirki ajaýyp «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň sentýabr aýynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem il-günüň bähbidini nazarlaýan möhüm başlangyçlar, teklipler beýan ediler diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň häzirki döwürde iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Biz Ýurdumyzda demokratik ösüşleri dabaralandyrýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.

    Maral AKMYRADOWA
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir