Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Beýik söz ussady

  • 05.11.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň diňe bir maddy taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan baý durmuşda ýaşamagyna-da uly üns berilýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, kalbyny gözelleşdirýän gymmatlyklar bolsa, ilkinji nobatda, edebi, medeni miraslarymyz bolup durýar. Türk­men hal­ky­nyň dün­ýä be­ren be­ýik şah­sy­ýet­le­ri pa­ra­sat­ly söz­le­ri bi­len ýü­rek­le­re mä­hir nu­ru­ny ça­ýyp­dyr­lar, halka dog­ry ýo­ly sal­gy be­rip, be­ýik iş­le­re ruh­lan­dy­ryp­dyr­lar. XVIII asyr türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li söz us­sat­la­ry Döw­let­mäm­met Aza­dy, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy, Ab­dyl­la Şaben­de we beý­le­ki­ler öz dö­re­den eser­le­ri bi­len türk­men ede­bi­ýa­tyn­da öç­me­jek yz gal­dy­ran şah­sy­ýet­ler­dir. Magtymguly ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň  nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şyrgyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
    Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz şy­gyr­la­ryn­da türk­me­ne mah­sus adam­kär­çi­lik hä­si­ýet­leri­ni giň­den açyp, yn­san keş­bi­ni öz­bo­luş­ly jan­lan­dyr­ýar. Adam­da ah­lak aras­sa­ly­gyny ter­bi­ýe­le­me­gi özü­niň esa­sy mak­sa­dy, bor­jy ha­sap­la­ýan akyl­dar şeý­le ýaz­ýar: Be­let baş­lar dog­ry ýo­ly çen bi­le, Akyl adam söz baş­la­maz «men» bi­le. Şa­hyr türk­me­ne asyl­ly ter­bi­ýä­niň mah­sus­dy­gy­ny aýt­mak bi­len, ýaş ne­sille­ri­mi­ziň öz pe­der­le­ri ýa­ly mert, ar-namys­ly, süý­ji söz­li, sa­ha­wat­ly, wa­tan­sö­ýüji, myh­man­pa­raz bol­mak­la­ry­ny is­läp­dir. Şa­hyr er­bet­lik­le­riň se­bä­bi­ni ada­myň için­den göz­läp, ony ne­bis bi­len bag­la­ýar hem-de mert ki­şi­niň öz neb­si­ne buý­rup bil­ýän adam­dy­gy­ny bel­le­ýär. Akyl­dar şa­hyr neb­si göw­ne bo­ýun edip, bi­kemal­lyk­dan azat bol­ma­gyň ýo­lu­ny sal­gy ber­ýär. Şeý­le şy­gyr­lar kä­mil­li­giň her bir yn­sa­nyň öz-özü­ne bo­lan gat­na­şyk­dan baş­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­mek bi­len çäklen­män, eý­sem, nä­hi­li ah­lak ýö­rel­ge­le­ri bi­len ýa­şa­ma­ly­dy­gy­ny hem sal­gy ber­ýär. Mag­tym­gu­ly­nyň ta­ry­py­ny ýe­tir­ýän mert ýi­gi­di ýur­du­ny, hal­ky­ny, Wa­ta­ny­ny söý­ýän, il-gün bi­len bag­ry ba­da­şan ýigit­ler­dir. Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goşgulary bütin  halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okalýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesiýet edilýär. “Edebiň ýagşysy ulyny syla” diýmek bilen, edeplilik, sylag hormat wagyz edilýär. Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhy gahrymany orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.

    Gandym ÇETIÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir