Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaşlar — nurana geljegimizi gurujylardyr

  • 15.05.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär, bagtyýarlyk döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garapdyrlar. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil  baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşlaryň syýasy-medeni çärelere has işjeň gatnaşmaklary, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli  watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek ugrunda oňaýly şertleriň döredilmegi dowam etdirilýär. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň şahsyýet hökmünde kämilleşmegini, öz saýlap alan ugurlarynda dünýä tejribesini özleşdirmeklerini hem-de işine döredijilikli çemeleşmeklerini, okuwda, işde, sportda, ylym we hünär öwrenmekde ýokary netijeler gazanmaklaryny üpjün edýär. Olaryň durmuş üpjünçiliginiň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ylmy hem-de döredijilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy bolsa ýaşlary täze  üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň ýagty geljegine bolan uly ynamy döredýär. Çünki ýaşlar — nurana geljegimizi gurujylardyr, olaryň kämilligi Watanymyzyň kuwwatydyr. 


    Uzukjemal GULAMOWA
    Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir