Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, öz jogapkärçiligini duýýan, taryhyna we milli gymmatlyklaryna sarpa goýýan, zähmetsöýer, ýaramaz endikleri bolmadyk, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Biz — türkmen ýaşlary hormatly Prezidentimiziň ynamyna eýerip, Arkadagly Serdarymyzyň sargytlaryndan ruhlanyp, gözümiziň göreji, başymyzyň täji bolan ajaýyp ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak hemde Watanymyzyň syýasy, ykdysady we ruhymedeni kuwwatyny mundan beýläkde artdyrmak üçin hemişe ynamly zähmet çekeris. Döwletimiziň ýaş nesillerine okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýlar AMANOWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby