Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ylym, bilim, terbiýe döwlete binýatdyr

  • 06.06.2022
  • Ýurdumyzyň häzirki ösüş tapgyrynda okatmagyň usulyýetiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.Ýurdumyzda interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, okatmagyň we terbiýe bermegiň ýokary şertleri döredilip bina edilen mekdepler we ýokary okuw mekdepleri biziň ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Bularyň ählisi ýaş nesliň ýaşaýyş derejesiniň gowulaşmagyna, olaryň zehin başarnyklarynyň artmagyna, bilimleriniň, aňlarynyň kämilleşmegine örän oňaýly täsirini ýetirýär.
    Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ony dünýä ülňilerine laýyk getirmek maksady bilen, geljekde ylymy we bilimi döwlet derejesinde goldamak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanmagy “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bilim ulgamynda hil taýdan täze sepgitlere ýetmäge badalga berdi. Munuň özi halkyna we Watanyna jany-teni bilen berlen geljekki kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli tagallalaryň edilýändigine güwä geçýär.
     Ylym, bilim, terbiýe bolsa döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy binýat bolup hyzmat edýär. Bu babatda döwletiň syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagynda mugallymyň ussatlygynyň ähmiýeti-de artýar.

    Aýnur GOÇAKOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy
    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir