Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaşlar ýurduň ýüregi

  • 11.11.2022
  • «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzda bu ajaýyp ösüşleri mynasyp dowam etdirmek bolsa şu günki bagtyýar ýaşlaryň paýyna düşýär. Bu günki gün ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça ökde hünärmenler bolup, öz işlerine ezberlik bilen erk etmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşlaryň ahlak terbiýesi babatda hem türkmen jemgyýetinde döwrebap işler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halky asly halal millet. Halallygy özlerine yol-ýörelge edinen ata-babalarymyz Öz perzentlerinin-de Watana, il-halka gerekli ynsanlar bolup yetişmekleri üçin halal lukma iýdiripdirler. Halal lukma içip, halal terbiýe alan ynsan durmuşda aňsat haramlyga baş goşmandyr. Ata-enesiniň halal duzuny iyip, olaryň göreldesine eyerip kemala gelen perzent kämillik ýaşyna ýeteninden soň, Özüni diňe gowy tarapdan görkezip başlaýar. Köpçülikde «Pylanynyň ogly, pylanynyň gyzy» diýip, çagany ata-enesiniň üsti bilen tanaýarlar. Ol çaga ulalyp, kämillik ýaşyna ýetenden soň, özüniň gowy häsiýetlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezip, Watana, il-güne wepaly şahsyýet bolanlygynda, onuň ata-enesi märekede «Pylanynyň kakasy, pylanynyň ejesi» diýip, perzendiniň üsti bilen tanalýar. Ynsanyň saýlap alýan ýol-ýörelgesi köp derejede onuň tirkeşýän adamlaryna hem bagly. «Ýigidi dostundan tana» diýen pähim ýöne ýerden aýdylmaýar. Çünki gatnaşýan dostuň ýa-da joraň her bir işde ýagşy arzuwlara hyýallanyan, göriplikdir bahyllykdan daşda durýan adamlardan bolsa, olar seniň hem durmuşyña oňyn täsir edyär. Su sebäpli-de, biziň her birimiz durmuşda gatnaşýan we gatnaşjak adamlarymyzy dogry saýlamagy başarmaly. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ahlak keşbiniň kemala gelmeginde giň mümkinçilikleri döredip beryän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!


    Aýnur GOÇAKOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir