Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ykdysady tehnologiýalar ornaşdyrylýar

  • 12.10.2022
  • Ýurdumyzyň sanly ulgamyny uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň esasy strategiki wezipeleriniň biri häzirki zaman täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bu ulgamyň işini has-da ilerletmekden ybarat bolup durýar. Sanly ulgam häzirki zaman ykdysady ösüşiniň täze düzüm bölegi bolmak bilen, onuň tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagy jemgyýetiň maglumatlary peýdalanmakdaky hajatlaryny doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda ýokary tehnologiýaly, innowasion häsiýetli sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmegiň ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Häzirki wagtda innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ykdysady tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, sanly ulgam durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamyny döretmek bilen, internetiň giň mümkinçiliklerine hem daýanýar. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde maglumat tehnologiýalaryndan üstünlikli peýdalanmagyň durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzy gülläp ösdürmegiň binýadyny üpjün edýändigini belleýär.
    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda barha giň gerime eýe bolýan sanly ulgamyň ösmegine yzygiderli ýardam edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


    Kerim HANJANOW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir