Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Maýa goýum syýasaty 

  • 23.05.2022
  • Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete degişli pudaklarynda däl, eýsem, hususy böleginde-de daşary ýurtly maýadarlar üçin aňrybaş amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Ýurdumyzyň ykdysady hem syýasy taýdan durnuklylygy, maýa goýumlar babatynda döredilýän kepillikler hem-de döwlet goldawy ýerli we daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär. 
    Kämil maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Täze önümçilikleriň — azot we kaliý dökünlerini öndürýän, metallurgiýa, sement, dokma we şuňa meňzeş senagat kärhanalarynyň sany barha artýar. 
    Häzirki wagtda Türkmenistanda önümçiligiň dürli ugurlarynda, şeýle-de medeni-durmuş maksatly ugurlarda iri maýa goýumlary özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şu maksat bilen, milli kanunçylyk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurda kabul edilen möhüm resminamalaryň hatarynda «Maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalary görkezmek bolar.    Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda maýa goýum syýasatynda düýpli ösüş-özgerişler gazanylýar. Bu bolsa eziz Watanymyzyň dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hatarynda orun almagyny şertlendirýär

    Hajymyrat BAÝRAMOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby
    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir