Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ykdysadyýetiň ýokary ösüşi

  • 28.11.2022
  • «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryny üstünlikli sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda ajaýyp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda öňde duran wezipeler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagy we halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan ugurlary öz içine alýar. Şu jähetden, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amal edilýän işler ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Durmuş ulgamy häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda durmuş syýasatynyň üstünlikli dowam etdirilmegi Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda öňde duran möhüm wezipelere aýratyn üns çekýär. Olaryň hatarynda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmek, halkara tejribä esaslanyp býujet-salgyt işini döwrebaplaşdyrmak, býujet, salgyt, bank we pul-karz ulgamlarynyň düzgünlerini kämilleşdirmek hem-de elektron salgyt ulgamyna geçmegi çaltlandyrmak ýaly wezipeler bar. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň döwletimiziň gülläp ösüşini nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

    Ybraýym HOJAGULYÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir