Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ykdysadyýetiň berk binýady

  • 05.11.2022
  • Mukaddes topragymyzyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatly ýerleri, önümçilik desgalaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde bimöçber uly işler bitirildi. Şonuň netijesinde bu durmuşy eşret welaýatymyzyň iň çetki obalarynyňdyr şäherçeleriniň ilaty üçin hem elýeterli boldy.  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde welaýatymyzda ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumynyň iri önümçilik desgalarynyň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda kuwwatly döwlet elektrik stansiýalary hem bar. Ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň berk binýadyny emele getirýän desgalaryň tebigy gazda işleýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Olary ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen gaz geçirijileri çekildi. Üçajy gaz käninden gözbaş alýan gaz geçirijini desgalandyrmak işini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama müdirliginiň ussat binagärleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Olaryň diňe bir welaýatymyzyň çäginde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde nebitgaz toplumynyň möhüm desgalaryny gurmakda ýokary başarnyk we ussatlyk görkezýändiklerini bellemek ýerlikli bolar. Gurluşykçylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynda hem tutanýerli zähmet çekýärler. Hytaý döwletine türkmen tebigy gazynyň akdyrylýan möçberiniň barha artdyrylmagynda gaz gurluşykçylarymyzyň mynasyp zähmet paýlary bar.  Arkadagly Serdarymyzyň Lebap topragyna amala aşyran toý sapary ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine hemaýat berjek kämil desganyň we kuwwatly gaz geçirijiniň ulanylmaga berilmegi ýaly şatlykly wakalara utgaşdy. Täze gaz geçiriji hem uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna hyzmat eder.


    Hezret ÇARYÝEW

    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir