Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ykdysadyýetiň kuwwaty artýar

  • 29.10.2022
  • 2022­-nji­—­«Hal­kyň­ Arkadagl­y­ zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösýär. Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion ösüşe, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilýär. Dünýä bazarlarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar. Bu bolsa ýokary hilli, eksporta niýetlenen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň oba hojalygynyň isleglerini doly kanagatlandyrmakda hem-de azyk howpsuzlygyny berkitmekde ähmiýetli bolan dökünleriň dürli görnüşlerini öndürýän himiýa kärhanalary mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk serişdeleri senagaty öňdebaryjy orny eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň energetika toplumy ilatyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda Türkmenistanda geljekde ägirt uly ykdysady girdeji berjek möhüm desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olarda öndüriljek önümler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini has-da belende göterer. Şeýle ajaýyp ösüşleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!


    Annamuhammet ANNAMYRADOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir