Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

İnnowasion tehnologiýalar — döwrüň talaby

  • 25.10.2022
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösdürilýär we sanlylaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa ornaşdyrylyp, bu ugurdaky işleri amala aşyrmagyň çäklerinde maliýe ulgamynda ilata hödürlenýän hyzmatlar yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, elektron hyzmatlary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagat pudagynyň ösmegine, döwletimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna we ony mundan beýläk-de gowulandyrmaga uly itergi berýär. Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriniň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!


    Maral ANNAMYRADOWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir