Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Beýik ösüşleriň täze tapgyry

  • 25.09.2022
  • Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda milli we döwlet maksatnamalarynyň pugta berjaý edilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen durnukly ösüşleriň gazanylýan ýurduna öwrüldi. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň durmuşyndaky düýpli özgertmeler diňe bir milli ykdysadyýetiň däl, ylmyň we bilimiň, saglygy goraýşyň we beýleki pudaklaryň ösüşine hem netijeli täsir etdi. Munuň özi türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygyny gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmegiň zerurdygy nygtaldy. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda beýik ösüşleriň täze tapgyryna bedew bady bilen gadam basdy. 
    Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 


    Atamyrat ŞAKULYÝEW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby 

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir