Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ekologiýanyň ähmiýeti

  • 28.05.2022
  • Ekolgiýa düşünjesi juda giň we köp taraply düşünjedir. «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynyň 2-nji böleginde: «Tebigy obýekt ýa-da tebigy gurşawyň düzüm bölekleri — ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, suwlar, tokaýlar, ösümlik dünýäsi, ekologiýa ulgamlary, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlgy» diýlip berkidilýär. Şundan hem görnüşi ýaly, ekologiýa babatda düşünjelilik ýaşaýan dünýämiz barada hemmetaraplaýyn düşünjeliligi döredýär. Şu günki gün Gahryman Arkadagymyz tarapyndan birinji tapgyry ulanylmaga berlen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýlarynyň kadalaşmagynda uly orny bardyr. Onuň Daşoguz welaýatynyň çäklerinden gaýdýan we Lebap welaýatyndan başlanyp, Marynyň, Ahalyň çäklerinden geçýän iki sany şor suw akabasy arkaly ýerleriň şorlaşmasyna getiren artykmaç suwlary Garaşor çöketligine ýygamaga mümkinçilik berýär. Netijede ýerleriň artykmaç duzlary gidip, ekin we öri meýdanlarynyň çäginiň giňemegine mümkinçilik açylýar. Köle ýygnanyp, tebigy süzülme geçip arassalanýan suwlar bolsa çöldäki mallaryň, ýabany haýwanlaryň we guşlaryň içmegi üçin ýaramly suwa öwrülýär. Ikinji bir tarapdan, köle ýygnanan suwlaryň tebigy bugarma hadysasy esasynda howanyň çyglylyk derjesiniň kadalaşmagyna haýry bardyr. Ýurdumyzda her ýylda ekilýän millionlarça düýp bag nahallary bilen bilelikde, kölüň suwy sebitde howanyň arassalanmagyna oňaýly täsiri bardyr.
    Hawa, orta mekdep partasyndan başlap, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ekologiýa babatda düşünjeliligini terbiýelemek geljekde olaryň döwletimiz, mähriban Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşmaklaryna ýardam eder.
    Biz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny yzygiderli ösdürýän Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.

    Allanur ÇARYHANOW
    S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir