Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriniň III maslahaty

  • 22.07.2025
  • Häzirki wagtda 4 — 8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna giňden taýýarlyk görülýär.
    Bu çäreler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda halkara gatnaşyklaryna we çäreleriniň maksatnamasyna giňden ornan özara agzybirligi, ynanyşmagy, jebisligi we ýaş nesilleri ynsanperwerlik, dost-doganlyk ruhunda terbiýelemek bilen bagly däpleriň giň gerimde ösdürilýändigini görkezýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen ata-babalarymyz taryhyň bütin dowamynda özara agzybirlige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna belent sarpa goýup, gapydan gelen myhmany güler ýüz, duz-çörek bilen garşylapdyrlar.
    Mälim bolşy ýaly, söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklaryň ösüşine ýardam eden Beýik Ýüpek ýoly Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy köp asyrlaryň dowamynda baglanyşdyrypdyr. Häzirki döwürde Türkmenistan bu täsin taryhy mirasy döwrebap şertlerde gaýtadan dikeltmekde başlangyçly orny eýeleýär. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar. Bu strategiýanyň Hytaýyň «Birguşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. Häzirki wagtda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar. Biz ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.


    Annasona ATAÝEWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy
    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir