Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Halkara gatnaşyklarynyň ykdysady hyzmatdaşlygy

  • 21.07.2025
  • Ykdysady hyzmatdaşlyk barada söz açylanda, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar, emeli aň ýaly ulgamlary bolsa täze ugurlaryň hatarynda görkezmek bolýar. Şeýle-de ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýär. Şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde eziz Diýarymyz tarapyndan guraljak çäreleriň düzüminde durnukly energetika forumy hem bar. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik ylhamynyň miwesi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özünde raýatlaryň, ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň dynç almagy, saglygyny berkitmegi, tebigy we ynsan eliniň halaty bilen döredilen utgaşykly gözellikden lezzet almagy üçin diýseň giň mümkinçiliklere, amatly şertlere baý künjekdir. Bu ýerde gojaman Hazaryň jana şypaly duzly we ýodly suwy, arassa howasy, çarlaklaryň baky şadyýana çalýan owazy dynç alýanlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdynlyklaryny dikledip, ýadawlykdan açylyp, serini durlamagyna, täzeden güýç toplap, zähmet we ylym-bilim işleri bilen meşgullanmaklaryna ýardam berýär.
    Bu ýerdäki 200 orunlyk «Awaza» şypahanasy ýeriň astyndan 600 metr çuňlukda tapylan tebigy ýod çeşmesiniň üstünde gurlandyr. Bu ýagdaý şypahanada saglygyny dikeldýänler üçin şol bir wagtda tebigy we lukmançylyk taýdan gaýtadan işlenen ýodly wannalary kabul etmäge, şeýle hem bu ýerde döredilen beýleki eşretlerden, bejergi görnüşlerinden peýdalanmaga giň şertleri döredýär. Häzirki zaman halkara gatnaşyklary şertlerinde bu hoşniýetli myhmanparazlyk, özara ynanyşmak gatnaşyklary milli ykdysadyýetiň we döwlet durmuşynyň her bir çygrynda özüniň mynasyp beýanyny tapmak bilen, giň gerimli ösdürilýär. Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen sebitara we yklymara gatnaşyklar täze strategiki ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň, kiçi ada döwletleriniň we az ösen ýurtlaryň öz ýüklerini we ýolagçylaryny Türkmenistanyň çägi boýunça Hazar deňziniň akwatoriýasyna girýän deňiz-derýa suw ýollary arkaly daşamaga ýardam bermek, bu ugurda täze başlangyçlary we teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahaty möhüm meýdança bolup hyzmat eder.


    Magtym NYÝAZGELDIÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy
    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir