Ilkinji açylan pursatlaryndan bäri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägi, onuň durmuş-medeni maksatly binalarynyň zallary bu ýerde döwlet we halkara möçberli çäreleri guramaga örän amatly şertleri döredip gelýär. Ýyllaryň dowamynda bu ýerde guralan aýdym-saz, teatr festiwallary, Medeniýet hepdelikleri, dünýä meşhur aýdym-saz ussatlarynyň konsertleri munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Häzirki wagtda üstümizdäki ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda bu ýerde geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahat Awaza dünýäniň dürli künjeklerinden geljek wekiliýet agzalarynyň, synçylaryň, žurnalistleriň müňlerçesini jemlär. Hazar deňzi türkmen halkymyzyň, türkmen topragynyň durmuşynda asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda ähmiýetli orun eýeläp gelipdir. Häzirki zaman ösen dünýäniň talaplaryna laýyklykda gurýan, döredýän, şeýle hem dünýäniň goňşy hem-de alys döwletleri bilen özara hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak gatnaşyklaryny dabaralandyrýan Garaşsyz, hemişelik Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasat ugurlarynda, halkara gatnaşyklary ulgamynda ol barha täze çygyrlarda giňeýän gatnaşyklaryň meýdany bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkidýär. Bu çäreler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüler. Bu bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirýär. Bu iri halkara maslahatynyň indi 3-nji gezek geçirilýänligi bu ugurda peýdaly guramaçylyk we hyzmatdaşlyk tejribesiniň gazanylandygyny görkezýär. Şeýlelikde, bu ýerde guralmagy göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň hem özara agzybirligi, jebisligi berkitmekde uly netijeli çäre boljakdygyny ynam bilen aýtmaga esas bardyr. Halkara maslahatyň geçýän döwründe Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi hem göz öňünde tutulýar
Güljahan JUMAÝEWA Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy