Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýollar dünýä uzaýar

  • 08.11.2023
  • Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýol gurluşyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şäherleriň we obalaryň önümçilik kuwwatlyklary ösmegi bilen ýurdumyzda ýollar ulag düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäklerinde sebitiň ýol ulag ulgamyny ösdürmek maksady bilen gurulan we gurluşygy alnyp barylýan awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler kuwwatly, köpugurly ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik bermek bilen, milli maksatnamalar arkaly üstünlikli durmu­şa ge­çi­ril­ýär. «Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eýýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy:­ Türk­me­nis­ta­ny­ 2022­—­2052- nji­ ýyl­lar­da­ ös­dür­me­giň­ Mil­li maksatnamasy» di­ňe bir jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, ta­ry­hy jä­het­den äh­mi­ýet­li bol­man, eý­sem, durmuş-ykdysady babatda hem iňňän uly ähmiýete eýedir. Bu maksatnamada döwletimiziň öňe sürýän esasy wezipeleri öz beýanyny tapmak bilen, oňa laýyklykda, giň gerimli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Mu­nuň özi jem­gy­ýe­ti­mi­zi we döw­le­ti­mi­zi de­mok­ra­ti­ýa­nyň, ösü­şiň, je­bis­li­giň hem-de agzybirligiň ýoly bilen mundan beýläk-de täze, belent sepgitlere ýetirmegiň beýanyna öwrüldi, syýasy-ykdysady, durmuş-medeni taýdan ýokary ösüşleri gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýetli ädim boldy.
    Döredýän, gurýan döwlet gurpludyr, kuwwatlydyr. "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda şeýle şatlykly günlerinde bu hakykata aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Uzak ýyllar hyzmat etjek şeýle döwrebap ak ýollary gurduryp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýändigi üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynda rowaçlyklar hemişe ýaran bolsun!

    Gyzylgül GILLIÝEWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir