Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ösüşiň täze belentliklerini nazarlap

  • 30.03.2023
  • Häzirki wagtda Diýarymyzyň ylym, bilim, sport ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitleriň aýdyň ne­tijeleri sebitde we ýurdumyzyň çäklerinden daşarda — halkara jemgyýetçiliginde belent ykrarnama eýe bolýar. Munuň şeýledigini mekdep okuwçylarymy­zyň we talyp ýaşlarymyzyň halkara olimpiadalarda we bilim bäsleşiklerinde gazanýan altyndyr kümüş medallarynyň mysalynda görmek bolýar. Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetde myna­syp ornuňy tapmak her bir adam üçin bagtdyr. Bilim halkymyzyň asyrlarboýy toplan we nesilden-­nesle geçip gelýän gymmatly baýlygy bolmak bilen, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň çeşmesi hasaplanýar. Ata-babalarymyz kitap okamagy, sowat öwrenmegi, geçmiş taryhyny gowy özleşdirmegi ýaşlara hemişe wesýet edipdirler. Arkadagly Serdarymyz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip bellemek bilen, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işiniň düypli kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, mugallymlaryň işiniň döwrebap guralmagyna we olaryň hünär kämilligine bolan talaplar barha artýar. Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlap ösyän ýurdumyzda biz — mugallymlardan edilýän döwrebap talaplara mynasyp jogap bermek biziň mukaddes borjumyzdyr.
    Ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerimiz we olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirilmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim işgärleri, galyberse­de, bilim­terbiýeçilik işlerine gatnaşýanlar we olaryň her bir maşgala agzasy barada alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bol­sun, alyp barýan halk bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Täzegül SAPAROWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir