Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbi

  • 14.12.2022
  • Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ählitaraplaýyn uly özgertmeler amala aşyrylyp, ýaşamak üçin döwrebap amatly şertler döredilýär. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemläp, barha gülläp ösýän ak mermerli paýtagtymyz bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Häzirki zaman şertlerinde sazlaşykly ösüş döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt — ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Çünki paýtagt — döwletiň dolandyryş-syýasy merkezi bolup durýar. Paýtagtyň çägi we şäherýaka zolagy bolsa, ýurduň esasy durmuş-ykdysady merkezi bolup durýar. Sebitde iri işewür we medeni merkez hökmünde ornuny pugtalandyrýan Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygy dörediji merkeziň, döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe bolýandygy bilen baglanyşyklydyr. Gaýtalanmaýan ajaýyp bezegleri bilen köpleri haýran galdyrýan ak mermerli paýtagtymyz özboluşly gözelligi bilen göreni haýran galdyrýar. Aşgabat şäherinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary depginde alnyp barylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi ak mermere beslenen şäheriň şanyny dünýä ýaýýar. Kökleri gadymyýete uzaýan Watanymyzyň milli binagärlik tejribesi barha baýlaşýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar. Şäheriň taryhy merkezlerine aýawly çemeleşmek, olaryň abadançylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtyň has irki döwürleriniň şaýady bolan binalardyr ýadygärlikler halkymyz üçin bahasyz gymmatlyklardyr, taryhymyzyň parçalarydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan çäreler paýtagtymyzyň ilatynyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini tassyklaýar.

    Sona MYRADOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir