Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Baş ýörelgämiz dabaralanýar

  • 20.11.2022
  • Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady ösüşleri, döwletlilik ýörelgeleri, hukuk ulgamynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy aýdyň beýan edildi. Aýratyn-da, ylym-bilimiň kämilleşdirilişi, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşynyň netijeleri düýpli seljerilip, täzeçil başlangyçlar öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň Döwlet Maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan soraglaryň, kabul edilen çözgütleriň özenini düzýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda: «Mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär» diýip nygtamak bilen, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriljekdigini, býujetiň agramly böleginiň, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini aýratyn belledi. Şonuň bilen birlikde, milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.  


    Jennet BERDİÝEWA
    Ýagşygeldi 
    Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir