Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Hazar - uly mümkinçilikleriň deňzi

  • 31.10.2022
  • Gojaman deň­zimiz dünýäniň bäş döwletini dostlaşdyrýar. Soňky ýyllarda Hazarýaka döwletleriň özara hyzmatdaşlygy ýokary hil derejesine eýe bol­dy. Bu dereje gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda — söwda, ykdysa­dy, syýasy, ekologiýa ulgamlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge şert döredýär. Bilelikdäki tagallalaryň giň gerime eýe bolmagy, ilkin­ji nobatda, Hazarýaka ýurtlaryň arasynda howpsuzlygy we dur­nuklylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Munuň şeýledigine parahatçylygyň deňzi bolan Hazaryň kenarynda Hazarýaka döwletlere degişli bolmadyk harby güýçle­riň saklanylmaýandygy hem aý­dyň mysaldyr. Şu ýerde bir ýagdaýa üns çek­mek ýerlikli bolsa gerek. Baý­dak ýurduň resmi döwlet nyşa­ny hasaplanýar. Şol sebäpli­de, Hazarýaka döwletleri tarapyndan kabul edilen VI Hazar sammi­tiniň Beýanatynda gämileriň deňizde ýüzmeginiň, deňizden çykmagynyň we oňa girmeginiň döwletleriň her biriniň baýda­gy astynda amala aşyrylýandygy nygtalyp geçilýär. Bilşimiz ýaly, Hazar deňzinde ösümlikleriň we janly­jandarlaryň ýüzlerçe gör­nüşleri ýaşaýar. Şonuň üçin­de, Hazar deňziniň tebigy gurşawy­ny goramak, onuň biologik serişdelerini gorap saklamak, di­keltmek we rejeli peýdalanmak esasy meseleleriň hatarynda dur­ýar. Ummanlarda ýalňyz tolkunyň bolmaýşy ýaly, Hazar deňzi hem ýekeligi däl­de, bi­leleşmegi, jebisligi gowy görýär. Çünki bilelik bolan ýerde jebislik, jebislik bolan ýerde ylalaşyk, yla­laşyk bolan ýerde dost­-doganlyk bar. Ana, şonuň üçinem, biziň Ha­zarymyz ýöne bir deňiz bolman, eýsem, dost­-doganlyk, agzybirlik, bileleşik deňzidir.


    Yslam ATAÝEW
    S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby 

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir