Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ady dünýä dolan-Magtymguly Pyragy

  • 15.04.2023
  • Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmelidigi barada aýdyp, Giňdiwaryň eteginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylan ýerinde şahyryň ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Dag başynda orun alýan şahyrymyzyň özi, maşgalasy, ýakyn gatnaşykda bolan egindeşleri, obadaşlary, beýik akyldara sapak beren mugallymlary, şahyryň ilkinji täsirlenmeleriniň çeşmesi huzuryna baran her bir adamda täzeden bir ser salmak isleýän soraglary orta çykarýar. Aslynda, bu gyzyklanmalar esasynda indi köp ýyllaryň dowamynda kanagatlandyryp hem kanagatlandyryp bolmaýan soraglaryň jogaplary üçin niçeme ylmy işler ýazylyp, ençeme kitaplar neşir edildi. Türkmen halkynyň döwletli-döwranly günlere ýetmegini arzuwlap, akyldar şahyr olary goşgularynyň üsti bilen beýan edipdir. Watanyna, halkyna söýgüsi çäksiz bolan söz ussady halkymyzy agzybirlikli ýaşaýşa, bitewülige çagyrypdyr.
    Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr, 
    Ykballar ters gelmez, Hakyň nurudyr.
    Akyldar şahyryň bu setirine siňdirilen ynanjy külli türkmen halkynyň gursagyndaky arzuwydy, ynamydy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini gülledip ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzyň keşbi misli türkmen halysyna meňzeýär. Çünki onuň her öýdümine, her çitimine halkymyzyň arzuw-umytlary siňendir. Hawa, biz bu gün Magtymguly Pyragynyň heýkele siňen keşbini görüp tolgunýarys. Merjen şäher Aşgabadyň gözelligine gözellik goşjak bu täze künjegiň kemala gelmegine az wagt galdy. Daglaryň gerşinde paýhas dagy bolup mekan tutjak Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň huzurynda söz äleminiň merjen monjugyny düzmäge, ol sözleri sazlara goşup, her bir many-maňzyny şirin owazlara goşup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň waspyny ýaýmaga kalby ylhamdan pürepür şahyrdyr şahandazlar gelerler, goşgy ýazarlar, aýdym dörederler.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: “Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!” diýen sözleri bize täze ynam, täze güýç berýär. Akyldar şahyryň bütin ömrüne halkyna ýetirmek islän bu ýörelgesini ýol edinen Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jem bolup, geljekde has beýik maksatlara ýeteris. Parahat ýurdumyzyň ösüşlerine badalga berip, halk bähbitli tutumly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

    Röwşen GARAÝEW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir