Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Magtymguly Pyragynyň şygyrýet älemi

  • 05.03.2023
  • Magtymguly Pyragy eserlerinde adamyň töweregini gurşap alan hemme tebigy hadysalar, jemgyýetçilik wakalary ebedilik halynda durman özgerýändigini, şonuň ýaly-da, adamzat jemgyýetiniň özgermegi bilen, adamlaryň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýyşlarynyň, gylyk-häsiýetleriniň , ahlaky gymmatlyklarynyň hem özgerýändigini nygtaýar. Akyldar jemgyýetiň kämilligi adamlaryň akyl- paýhasly hereketi, düşnükliligi, ar-namysly, ahlakly bolmagy esasynda bolup bilýär diýen netijä gelipdir. Magtymguly Pyragy adamlary kanagatlylyga, pespällige, sahylyga, medeniýetlilige çagyrýar. Il-ýurt üçin jogapkärdigini duýup, özüniň Watan bilen baglanyşygyny pugtalandyrýar we beýik özgertmeleriň gerekdigine düşünýär. Ol durmuş hakykatyna hemmetaraplaýyn akyl ýetirip, geljege umyt baglapdyr, bagtyýar durmuşyň boljakdygyna ynanypdyr. Magtymguly Pyragy ösüş we özgeriş baradaky pikirlerini dialektiki çemeleşmäniň üsti bilen beýan edýär. Şahyr gapma-garşylykly gylyk-häsiýetleriň — ahlaky-ahlaksyz, adalatly-adalatsyz, haýyr-şer, mertlik-namartlyk, husytlyk-jomartlyk, akmak-akylly ýaly jübüt pikirler, deňeşdirmeler arkaly gerekli gymmatlyklary wagyz-nesihat edipdir. Magtymguly Pyragynyň bütin ömri hem-de ruhy ýollary, akyl ýetiriş usullary döwür bilen kybapdaşdyr. Jemgyýeti özgertmekde ýaraga, güýje däl-de, akyl-paýhasa, ruhy gymmatlyklara daýanmalydygy nygtalyp görkezilýär. Adamyň medeniýeti we ynsanperwerligi onuň akyl ýetirişine, düşnükliligine gönüden-göni baglanyşyklydyr. Adamzat hemişe täze akyl ýetiriş ýörelgelerini bilmäge ymtylypdyr. Akyl ýetiriş taglymaty tebigatyň özüne, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, adamyň akyl ýetirmegi ylym, sungat, ýaşaýyş tejribesi arkaly amala aşyrylýar. Sungat durmuşyň çeper şöhlelendirilmesidir. Şahyr tebigata, durmuş gatnaşyklaryna, öz-özüne akyl ýetirmekde erkin pikirlenip, adam meselesinde adamyň köptaraplaryna akyl ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şahyryň döredijiliginiň soňky taryhy ösüşlerde, ahlaky gymmatlyklaryň kemala gelmeginde tutýan orny, onuň umumadamzat medeni gymmatlyklara edýän täsiri we akyl ýetiriş ýörelgeleri hertaraplaýyn öwrenilmäge mynasypdyr.

    Ulugbek ERKİNOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir