Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türkmen halysy ajaýyp sungat

  • 20.10.2022
  • Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle bolupdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edilip, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär.
    Türkmen halysy halkyň ruhy medeniýetini özünde jemläp, ynsan zehininiň çäksizligini aýdyň görkezýär. Halk arasynda «Halysy köp öýüň — berekedi köp» diýen paýhas bar. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen, türkmen halysynyň diňe bir gözellik nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bolçulygy hem aňladýandygyny görkezýär. Halyçy zenanlaryň täsin ukyp-başarnygy dünýä ýüzüni haýran galdyrýar. Olar öz inçe hünäri bilen Türkmenistanyň gülläp ösmegine we şöhratynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Türkmen halyçylarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren halyçylyk ussatlygy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp äpet halylar döreýär.


    Leýli GARABEGOWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir