Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

  • 10.02.2023
  • 2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

    Forumyň işini Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew açdy. Soňra bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň beýleki ýolbaşçylary çykyş etdiler.
    Forumyň barşynda deputatlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi ugrundaky hem-de bu prosesde Parlamentleriň ornuny, umumy taryhy-medeni mirasyň esasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
    Forumyň netijeleri boýunça Türkestan Jarnamasy kabul edildi. Resminamada ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Merkezi Aziýanyň bir bitewi medeni-taryhy giňişligini emele getirmäge gönükdirilen parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösüşiniň mümkinçilikleri öz beýanyny tapdy.

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir