Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Arkadagyň paýhasyndan gadamlarymyz ganatly

  • 31.12.2022
  • Berkarar Diýarymyzda amala  aşyrylýan beýik işler hakyndaky gürrüňimizi Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda agzalýan jümle bilen başlamak maksadalaýyk bolar: «Döwletliniň çagasy ýaşadygyça, baş bolýar...». Wagt geçdigisaýyn, durmuşdan sapak almagy hem başarmalydyr. Ýaşyň, jemgyýetdäki ornuň, ine, şoňa erk edip bilşiňe baglydyr». Bu jümleler ynsanyň ömür ýoly hakyndaky beýik pelsepe. Beýik ynsanlaryň işi, pikiri, ýoly özünden soň hem dowam edýär. Ol ýol soňlugy bilen nesilleriň ýörelgesine öwrülýär.
    Hormatly Prezidentimiziň pederleriniň nusgalyk ýoly halkymyzyň ykbalyny gülzarlyga öwrüp gelýär. Ol nusgalyk ýol döwrüň talaplaryna we hakykatyna daýanýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden gözbaş alýar. Hut şol ýörelge hem milli medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, pederleriň şöhratly geçmişine sarpany dabaralandyryp, ösüşlerimize bat berýän güýje öwrüldi.
    «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ahyrynda, Täze ýylyň bosagasynda Gahryman Arkadagymyz halkymyza «Dowam bolsun!» atly ajaýyp şygryny sowgat etdi. Şu ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň täze goşgusynyň döremegi we halkymyza ýetirilmegi hem bu babatda aýratyn möhüm waka, şunuň bilen birlikde halkymyza Täze ýyl sowgady boldy. Döredijilik adamlary üçin bu has gymmatly sowgat! «Döredijilik adamlarynyň ilkinji nobatdaky wezipesi döwrümiziň beýikligini görkezmekden, bitirilýän işleri, taryhy özgertmelerimizi wasp etmekden ybaratdyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz her täze eserinde Watany söýmegiň, durmuşa ýagty nazar bilen seretmegiň nusgasyny görkezýär.
    Gahryman Arkadagymyz — nurana pikirleri beýan etmegiň, çeper obraz döretmegiň, çeper keşp çekmegiň ussady. Pikirler çuň­ňur hem örän ähmiýetli, dogrusy, olaryň gymmatyna ýetme ýok. Dili sada, süýji, ýakymly hem düşnükli. Tymsallar, meň­zetmeler, beýleki çeperçilik serişdeleri bu eserleri adatdan daşary gözel, kämil görkezýär. Şunuň bilenem, ol eserler, edebiýaty öwreniş ylmynyň sözi bilen aýtsak, tüýs halky eserler.


    Parahat RAHMANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir