Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ulgam ösüş ýolunda

  • 22.06.2022
  • Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlamagy bilen, ýurdumyzda ozaly bilen döwlet dolandyryş ulgamyny emele getirýän edara-kärhanalarda kompýuterleşdirme geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kompýuter enjamyndan suwara baş çykarmagy üçin her ýyl birinji synpyna okuwa barýan okuwçylara mugt netbuk kompýuterleri sowgat berilýär.
    Ilatyň kompýuter sowatlylygynyň artmagy netijesinde soňra hökümet elektron aragatnaşyk ulgamy döredildi. Ol edara-kärhanalaryň özara elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmaga we uzak aralykdan göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, konferensiýalary guramaga mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalrynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu ulgam pandemiýa döwründe uzak aralykdan habarlary, maglumatlary alyşmakda, wideokonferensiýalary guramakda neneňsi peýdaly netijesiniň bardygyny aýdyň görkezdi.
    Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilimi ornaşdyrmak ýokary depginlere eýe bolýar. Onuň kömegi bilen talyp ýaşlara beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen özara sapaklara, teleköprülere, internet olimpiadalaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikler döreýär. Ýokary okuw mekdeplerimizde sanly ulgamdan peýdalanyp, talyplaryň halkara internet olimpiadalaryny guramak boýunça hem ajaýyp tejribe toplanylýar. Bu olimpidalarda türkmen talyp ýaşlarymyz hem öňdäki baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraý-şöhratyna mynasyp goşant goşýarlar.
    Biz talyp ýaşlaryň talabalaýyk okamagy, bilimleri ele almaklary üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.

    Ogulsapar HANOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby
    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir