Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berkarar döwletimiziň her bir güni uly üstünliklere taryhy wakalara beslenýär. Bi­tarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki at­-abraýy, şan­-şöhraty barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna ýurdumyzda uly taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar: durnukly ösüş arkaly parahatçylyk we ynanyşmak» atly Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahatyny (LLDC3), şeýle hem halkara maslahatyň çäklerinde geçiriljek «Halkara Ýaşlar forumyny» ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen Ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz tarapyndan bu ýurtlary goldamak bilen biz geljekki ösüşleriň, oňyn hyzmatdaşlygyň hem binýadyny gurarys
    Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Hazar deňzi — biziň şu günümiziň, röwşen geljegimiziň ygtybarly daýançlarynyň esasylarynyň biridir. Halk bähbitli, döwlet, sebit, dünýä ähmiýetli şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

    Orazjemal ÇARYÝEWA
    Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy
    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir