Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ykdysadyýetiň ösüşi

  • 29.03.2023
  • Ýurdumyzyň ykdysadyýetine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hem-de internetden peýdalanmagyň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna elektron hyzmatlar barha ösdürilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösüşini hem-de bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şerti bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ukyply hünärmenleri ýetişdirmek, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan goşmaça bilimleri girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, girdejileriň täze çeşmelerini gözlemek, giňeltmek şeýle hem hyzmatlaryň amatlylygyny, köpdürlüligini döretmek sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlygydyr. Sanlylaşdyrylan täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen girdeji artýar, önümleriň özüne düşýän bahasy arzanlaýar. Bu belli bir derejede önümleriň hiliniň ýokary bolmagyna täsir edýär.Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak babatdaky amala aşyrylýan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli işler ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerine itergi berýär.

    Şirmyrat RÜSTEMOW
    Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir