Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ykdysadyýetiň durnukly we ygtybarly ösüşi

  • 25.03.2023
  • Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze strategiýasyny öňe sürdi we onuň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bolsa ýurdumyzyň düýpli ösüşine itergi berdi.  Ýurt boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagy, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň möçberiniň barha artmagy, köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ilatyň girdejileriniň artyp, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşen merdana halkymyzyň gazanan üstünlikleridir.       Hormatly Prezidentimiziň uzak geljege gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini düzüm taýdan kämilleşdirmek, ony gurluş taýdan düýpli özgertmek meseleleri möhüm orun eýeleýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde milli ykdysadyýetiň durnukly we ygtybarly ösmeginiň möhüm şertleriniň biri hem hususy telekeçiligi çalt depginler bilen ösdürmekdir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň hususyýetçileri haryt önümçiligini ösdürmekde, iri maýa goýum taslamalaryny özleşdirmekde, önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmakda, dünýä bazarlaryna çykarylýan harytlaryň möçberlerini artdyryp, ýurduň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda saldamly işleri durmuşa geçirýärler.

    Diýar ÝAGŞYMYRADOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir